7

ÝITIREN GYRATYMA

Goşgular

Abdyrahman DÜÝEJI

İstanbul - 2014

8

Türkmen sahrasynda solup giderin Ilimiň mert ogly bolup giderin Han bolup gezsem nä, ýat ülkelerde? Ölsemem il bilen ölüp gidern...



Bu şiirler hem Türkmensahra- İran'da hem de Türkmenistan'da kullanılan iki alfebaya göre, yani hem Latin hem Arap yazısına göre yayına hazırlandı. Türkie'deki okurlara da anlaşılması kolay olabilmesi için, şiirlerin altında bir çok sözcüğün Türkçe açıklamaları da verildi.



Bu goşgular hem Türkmensähra- Eýranda hemde Türkmenistanda ulanylýan iki elipbiýe görä, ýagny hem Latinja hem-de Arap elipbiye görä çapa taýýarlandy. Türkiýedäki okyjylara-da düşünikli bolmagy üçin, goşgylaryň aşagynda käbir sözleriň Türkçe düşündürişi-de berildi.

Habarlaşmak üçin: Email: :

[email protected] FacebooK https://www.facebook.com/rahman.deveci Tel: 00905398604389 Turkiye

9

Içindäkiler Sözbaşy.....................................................................1 Men beýik dag bolsadym..........................................7 Ýitiren gyratyma.....................................................10 Menden näme galar.................................................12 Dörärmikä?.............................................................14 Garynja...................................................................14 Günebakar...............................................................15 Durmuş...................................................................15 Gargalar..................................................................16 Tsunami..................................................................16 Günäsizje otlar........................................................17 Geçmişde galan surat..............................................17 Adam, adam bolmasa..............................................18 Galam ganaty..........................................................18 Biwepa....................................................................19 Düýş........................................................................20 Goşgy......................................................................21 Meň ýyldyzym........................................................22 Gurjak oýnadan möjek............................................23 Ezizim.....................................................................24 Söýgi hakda rubagylar............................................25 Il bilen ölüp giderin................................................26 Ýazýaryn ýeňlemek üçin........................................26 Ballyma...................................................................26 Seni gözleýän........................................................ .27

10

Ýatyp galanmyzdan atyp galaýlyň.........................28 Möý.........................................................................29 Aglasym gelýär.......................................................31 Milýarlaça dünýä bar!.............................................32 Biz deňizdik............................................................33 Dutar.......................................................................34 Toýmuza geliň........................................................37 Ýöriýiň dostlar........................................................39 Kyn görme menden.................................................42 Gömülip barýan......................................................45 Kapasadan çykan bürgüt.........................................47 Uçýar meniň arzuwlarym.......................................50 Magtymgulyň mazarynyň başynda.........................55 Ýazman durup boljakdäl.........................................64 Namys gülün soldurma...........................................66 Köýen ömür............................................................68 Diz çökemedim.......................................................76 Bir Allah için..........................................................77

11

Sözbaşy Takmynan 25 ýyl mundan ozal bir ýaş oglanyň çaglar üçin aýdan goşgylary Gürgen telekanalynyň Türkmen bölümünde goýberilýärdi. Ol goşgylaryň dili, stili we suratkeşligi, Türkmen çagalaryň ruhy dünýäsini beýän edip bilenligi üçin gysga wagtyň içinde Türkmensähranyň bütin maşgala ojaklarynda özüne mynasyp orun almany başardy. Her hepdäniň anna güni "Älem goşar" atly bir sagatlyk şol telegepleşige çaglar hem ulular uly gyzyklanma, bilen garaşýardy. Ýöne gynansagam ol telegepleşik uzaga gitmedi we birnäçe gezek efire goýberilenden soň doly ýatyryldy. Emma şol goşgular, adamlaryň ylaýta-da şol döwrüň ýaşlarynyň hakydasynda mydamalyk çuňňur yz galdyrdy. Ol goşgylar häzirki döwürde hem il içinde mahal-mahal ýatlanýar. Şeýle wakadan birnäçe ýyl geçensoň şol goşgularyň şahyry -Abdyrahman Düýeji, Eýran

12

Türkmenleriniň birinji ykrar edilen "Sahra" atly gazýedini çap edip, bir žurnalist höküminde täzeden medeni göreş sahnasyna çykdy. Ol gazýet, öz halkynyň islegarzuwlarynyň dili hem dilmajy boldy. Şähra gazýedi edil bir medeni merkez ýaly bolup ýaş zehinleri, Türkmeniň milli aýratynlyklaryna laýyklykda ýetişdirdi. Şähra gazýediniň birinji sanyndaky taýagyna söýenip duran Türkmen ýaşulynyň suratynyň aşagyndaky Abdyrahmanyň iki beýtik goşgysy henize çenli gazýediň okyýjylarynyň aňyndan hem ýadyndan çykanok: "Seredýärin bu gün belent daglara, Daglaryň doňlary hiý, erärmikä? Göz dikip otyryn çöllere bakan, Bu çölden ýene bir mert dörärmikä?..." Abdyrahman Düýeji ýaşlykdan il-gününiň durmuşyna biperwaý galman, hemişe diýen ýaly öz halkyna sowgat etmek üçin täzelikleriň gözleginde boldy. Birinji gezek Türkmensahra halky üçin yzygiderli çap edilen bir resmi gazýediň düýbüni tutdy. Ilkinji bolup Magtymguly atamyzyň goşgyrlaryny Farsça terjime etdi. Häzirki döwürde belli ýazyjylar bolup ýetişen bir topar ýaş ýazyjynyň eserleriniň Tähran gazýet-jurnallarydyr neşriýatlarynda çap bolmagynyň ýoluny açdy... Ýöne hemişe täzelikleriň hem elýetmez arzuw-hyýallaryň yzynda gezjek bolsaň kämahal akymyň tersine-de akmaly bolýar. Şeýle ukyba uýgunlaşan adama il içinde

13

öňdebaryjy diýilýär. Abdyrahman bolsa, öz halkynyň aýdyň gelejegi ugrunda alada etmekligi ýaşlykdan saýlap alansoň, ýüreklilik eýýäm onuň süňňine ornaşypdyr. Şeýle duýgylar hem täsirler onuň goşgylaryna hem siňipdir. Bu aýratynlyk hem onuň goşgylarynyň epik häsiýetini hasam güçlendiripdir. Şol sebäpdenem şahyryň goşgylarynda gahrmançylykly duygulara we epik äheňe köp duş gelinýär. Eýrandaky Türkmen şahyrlaryň köpisi uzak ýyllap mazmun we form taýdan klasik usuldan çykyp bilmediler. Onuň birinji sebäbi; biziň ýurdumyzyň okuw jaýlarynda Türkmen Dil we Edebiýati ugrunyň ýoklygy, şeýle-de şahyrlaryň bir toparynyň, goşgularyň dürli-dürli täze formalary bilen tanyş bolmaga hujuw görkezmezligi diýip hasaplaýaryn. Ýöne soňky ýyllarda käbir zehinli şahyrlarymyzyň Türkmen modern goşgysy ugrunda eden aladalary Türkmensähranyň edebiýatyny täze bir akyma gönükdirdi. Şol täze akymyň şahyrlaryň birem Abdyrahman Düýejdir. Abdyrahman Düýeji, täze formalar bilen täze mazmunlaryň üstünde işlän şahyrdyr. Umuman täze mazmunlary köne formalar bilen aýtmak jaýdar bolmasa gerek. Her bir özgeriş täze islegler üçin ýüze çykýar. Eger sungatçylar, şol sanda hem şahyrlardyr-ýazyjylar, öz döwrüniň isleglerine döwrebap jogap berip bilmeseler, onda sungatda ösüş peýda bolmaýar. Ýüreklilik, her özgerişiň itergi berýän iç güýji we motiwasiýasydyr. Geçeni gaýtalap durmak sungaty ösdürmese gerek. Eýsem,

14

geçmişden ýörelge alyp, täze mazmunlar, täze teswirler döretmek şygyrýetiň hemişe hereketlilik we janlylyk gazanmagyna sebäp bolar. Abdyrahman Düýeji hem täze mazmunly täze formaly, täze beýanly goşgylary bilen şol ugurda üstünlik gazanan sanlyja şahyrlarymyzyň biri bolsa gerek. Abdyrahman Düýeji, goşgylarynda edebi tilsimlerden jaýdar peýdalanyp, täze we ýakymly taswirle döredýär. Düşünjeler onuň goşgysynda gönimellikden gaçyp, simbolik bir tärde çeperçilik bilen beýan edilýär. Aşakda mysal getirilen şygyrda hem şahyr kaknus guşyndan metaforik bir şekilde peýdalanýar: "Ýüzüm solup, tenip doňup barýarka, Ýene ylham owazyny saýraýan. Galam ganatyny kakyp ot alyp, Kül içinden ýaňadandan döreýän" ýa-da "Ýitiren Gyratym" atly goşgysynda öz halkynyň taryhy isleg-arzuwlaryny timsal arkaly okaýjynyň gözöňüne getirýär. Bu goşgynyň äheň nepisliklerinde gyratyň toýnak sesini aýyl-saýyl eşidip bolýar. Şeýle özboluşly jadyly çeperçiliklere Abdyrahmanyň goşgylarynda köp duş gelýäris: Ah, gyratym sensiň meniň syratym, Ah, gyratym söweş güni haýbatym, Gel, gyratym üstünlikden sözläli,

15

Ýitip giden beýikligi gözläli... Abdyrahman Düýejiniň eserlerinde edebi suratkeşligiň orny uly. Şeýlelik-de ol goşgylarynda özüne mahsus özbaluşly dilini tapypdyr. Ol dil, söýgi temasyndada, jemgyýetçilik temalarda-da şahyryň edebi tagmasy bolup okaýanlary özüne çekýär. Hyjuwlylyk, herekete çagyrmak, gaýduwsyzlyk we milli arzuwlar ugrunda göreşmeklik onuň goşgylarynyň esasy öwüşgünli häsiýetleridir. Şeýle bolsa söze gerdişine görä, Abdyrahman Düýejä, milli-epik temaly şahyrymyz hem diýmäge doly esas baydyr: "Göteriň ädimi, ýöräň ýoldaşlar, Mäkäm aýak basyň, owransyn daşlar. Serediň asmana, dagyň başyna, Siz ýetmeli bulutlaryň duşuna." Abdyrahman Düýejiniň goşgylary ir wagtdan bäri Sahra gazýedinde çap edilip gelýär. 10 ýyl mundan owalam şahyryň öz sesi bilen okan goşgylary ýazga geçirilip, az sanda bolsa-da CD arkaly şygyr muştaklaryna ýetirildi. Şol wagt, ol sesler diňleýijileriň göwnünden turup, uly buýsanç döretdi. Indi bolsa onuň goşgular ýygyndysy çapa taýýarlanyp, edebiýat muştaklaryna hödürlenýär. Bu goşgylar hem Türkmensähra-Eýranda hem-de Türkmenistanda ulanylýan iki elipbiýe görä ýagny hem

16

Latyn hem-de Arap hatlarynda çapa taýýarlandy. Şeýlelikde kitaby iki tarapdaky Türkmenlerem okap biler ýaly edildi. Üstesine goşgylar Türk dilli okyjylar üçinem düşünükli bolar ýaly, sahyplaryň aşagynda kä sözleriň Türkçe düşündirişleri-de berildi. Ýöne, goşgylarda ulanylýan diýalekt Türkmensähra-Eýranda ulanylýan diýalektiň özboluşlylygyna eýedir. Şol sebäpli käbir sözler Türkmenistanyň resmi dilindäki ulanyşdan biraz tapawutlyrakdyr. Abdyrahman Düýejiniň hekaýa, roman, terjimeler we edebi ylmy barlaglar işlerinden ybarat bolan ýigirimden gowyrak kitaby mudan owal çap edilenem bolsa, bu onuň ilkinji goşgular kitaby aýratynlygyna eýedir. Bu goşgylar, onuň uzak ýyllaryň dowamynda ýazan goşgylardyr. Abdyrahman Düýeji, öz goşgylaryny okyýjylar köpçüligine ýetirmeklik üçin hiç howlukmady. Soňunda-da ynha saýlap, taraşlap, öz göwnünden turan goşgylaryny çapa taýýarlady. Oňa "Ýoluň ak, ýoldaşyň hak, kitabyň höwri hem köp bolsun" diýýärin. Hamit Kemi Kümüşdepe, Türkmensähra-Eýran 17- 06- 2014

17

Men beýik dag bolsadym Men beýik dag bolsadym, Başymda aýlansady1 ak bulutlar. Kä gerşimde2 gonsady ak bulutlar, Her gün ir3 bilen turamda, Sowujak akja bulut bile, Ýüz-gözümi ýuwsadym.4 Argynlygy5 kowsadym, Men beýik dag bolsadym, Men beýik dag bolsadym. Gök otlardan saç edinip, Döküp arkam, gerşime, 1

Dolaşsaydı Omuzumda 3 Erken 4 Yıkasaydım 5 yorgunluğumu 2

18

Etegimdäki gülleriň, Atryn sepip saçyma, Şemal öwsüp, saçym çaşyp dursady, Howanyň hoş ysyna, Atyr goşup dursady. Güllerim möwç ursady,6 Güllerim möwç ursady. Men beýik dag bolsadym, Gyşda ýüz ak bolsadym, Ýaz gelende arassalyk7- aklygym, Ýer ýüregne siňdirip, Suwsan maral- jerenlere, Ellerimden suw berip, Neresse8 gözlerinde, Razyçylyk görsedim. Men beýik dag bolsadym, Men beýik dag bolsadym. Iň belende uçan guşlar, Depämde gonsadylar, Gerşime münsediler, Olar alyp dynjyny, Ýygnap kuwat- güýjüni, Taňyr ýalkasyn aýdyp,9 Aýlanyp10 meň daşyma, Ganat kakyp uçsadylar, gögüň aňyr başyna,11 6

Dalgalansaydı Temizliğimi 8 Masum 9 Teşekkür edip 10 Dönüp 7

19

Gözüm bile, ýitinçäler durup ýola salsadym, Men beýik dag bolsadym, Men beýik dag bolsadym. Ýeriň iň depesinden, Bulutlaryň üstünden, Iň etekde12 galan ýere seredip, Gözlerimi, Maşynjyklaň13, öýjagazlaň14 arasynda ýöredip, Adamlaryň garynja15 dek kiçikligne,16 gülsedim. Men beýik dag bolsadym, Men beýik dag bolsadym.

11

Göğün öbür ucuna Aşağıda 13 Arabacıkların 14 Küçük evlerin 15 Karınca 16 Küçüklüğüne 12

20

Ýitiren gyratyma Ah, gyratym,17 gaýdyp18 seni tapsadym, Erkiň19 bile giň sahrada çapsadym. Ağlap, eňräp, gyrat diýip sözlär men, Ylğap-ylğap,20 aýak yzyn gözlär men. Ah, gyratym, sensiň meniň syratym, Ah, gyratym, söweş güni, haýbatym, Gel, gyratym, üstünlikden sözlaliň, Ýitip giden beýikliği gözlaliň. Goç ýiğitleň bar guwanjy21 atydyr, Türkmen aty, Türkmeniň ganatydyr, Şalar meniň ganatymy kesdiler, Gaýratymy22 tutup, dardan asdylar. Taladylar, Gurhanymy23 dinimi, Otladadylar, taryhymy synymy. Gyrmyz donum24 para-para üzdüler, Ak öýümi25 oda nara düzdiler. Syndyrdylar, dutarymyň26 taryny, Diňlesene, bağşylaryň27 zaryny. 17

Kıratım Yeniden 19 Özgürlüğünle 20 Koşa- koşa 21 Kıvancı 22 Namusluluğumu 23 Kur'anımı 24 Kaftanım 25 Evimi 26 İki telli Türkmen sazı 18

21

İlim, bu gün öz keşbine zar boldy,28 Gyrat, bu gün dünýa maňa dar boldy. Gel, gyratym, dağa-düze çapaýyn, Eziz ağam Göroğlyny tapaýyn.29 Gyratsyz, gör, çöller duman görüner, Gyratsyz, giň dünýa zyndan30 görüner. Bagülleriň ýüzi gansyz görüner, Türkmenleriň düzi, hansyz görüner. Gyratymda joşğun tupan31 görersen, Azatlykdan,32 erkden nyşan görersen, Gel, gyratym, dağa-düze çapaýyn, Ah, nirde sen, nirden gözläp tapaýyn. Ýalbarýaryn, çykmaz emma ganatym, Hiý, bu çöle gelermikän33 gyratym?!...

27

Ozanların Elim bugün kendi görüntüsüne (gerçeğine) mühtaç oldu 29 Bulayım 30 Hapishane 31 Fırtına 32 Özgürlükten 33 Gelir mi ki

28

22

Menden näme galar Giň asmanyň34 arasynda, Birje ýyldyzym-da ýok. Onlar gezek görünsem-de, Hiç kim meni tananok. Ýüreğmiň bukçasyn açyp seretseň35, Bir döwüm gussa bile36, Bir süýşe37 ýaş görersen. Pahyrlygyň silleri, Bir otagly öý38 arzuwmy ýykypdyr. Umytsyzlygyň ody, Ak öýümiň39 hyýalyny ýakypdyr. Ne ýaz wağty hoşalaryň40 pyşyrdaşyn eşidýan. Gezip ýören däli men, Çöllerden çöle gidýan. Ne atym bar çapmak üçin, Ne okum bar atmak üçin. Bu dünýäniň içinde, Barym diňe dutarym41. 34

Göğün Bir baksan 36 Bir parça hüzün ile 37 Şişe 38 Bir odalık ev 39 Ak ev, Türkmenin ak çadırı 40 Ne de yazda başakların mırıldısını duyuyorum 41 Benim mal varlığım sadece iki telli sazım 35

23

Her günde, gün, Gyzyl gana bulaşyp, Barýarka assa ýaşyp42, Gamgyn tukat43 bir saz çalyp, hiňňlenip aglaýan. Dymdyrys44 gyzaryp ýatan deňize göz aýlaýan45. Aglap, çalyp, assa ýuwaş ýeňleýip, Giň deňizi ýüreğimde jaýlaýan46. Emma bir gün bet ykbal47, Gara geýinip geläýse, Ýalňyz ýeke guwanjym, Dutarymy-da alaýsa, Onda menden Näme galar näme galar, näme galar?... Hiçbir zaman, Tükenmejek48, Nala galar, nala galar, nala galar…

42

Giderken yavaşça batıp Hüzünlü 44 Suskun 45 Göz gezdiriyorum 46 Yerleştiriyorum 47 Kötü talih 48 Bitmeyecek 43

24

Dörärmikä? Seredýärin49 bugün belent50 daglara, Daglaryň doňlary hiý, erärmikä51? Göz dikip otyryn çöllere bakan, Bu çölden ýene bir mert dörärmikä52?

Garynja Garynjany pitiklediň,53 Tamdan ýere iteklediň, Düşdi ýere, çaşmady ol, Başga ýere gaçmady ol. Ýitirenje dänesini, Ýene gözläp başlady ol!

49

Bakıyorum Beyik 51 Erir mi ki 52 Türer mi ki 53 Tıkladın 50

25

Günebakar Günebakar54 mydam güne bakýardy. Güni ogurladylar55, Ýerine çyrag56 goýdular, Olam çyraga bakdy. Ah, çyrag kime bakdy?

Durmuş Barýar durmuş ýolundan,57 Ykbalymyň maşyny.58 Islemedik ýerimde, Düşürip gidýär, ol meni.

54

Ayçiçek Çaldılar 56 Lamba 57 Gidiyor yaşam yolundan 58 Kaderimin arabası 55

26

Gargalar Ýer hem gitdi elmizden, Gök hem gitdi elmizden, Göl hem gitdi elmizden, Çöl hem gitdi elmizden Dag hem gitdi elmizden, Bag hem gitdi elmizden. Gündogarlardan gelen, Gara- gara gargalar, Ýerlermizde oturýar, Gargalary haýsy el, Bu ýerlere getirýär?

Tsunami Duygularym suwa gaçdy, Suwdan alyp bilmedim. Birdenikä tsunami, Gurşap aldy şäheri, Goşgularym möwç urýardy, Köçeler arasynda...

27

Günäsizje otlar Tomus geldi, orak geçdi Supallary59 ýakar otlar Ýöne arman60 arasynda Ýanar günasizje otlar

Geçmişimde galan surat Ah, Benderim,61 meň owadan62 Benderim, Ýatlamadan63 doly, seniň her ýeriň. Çarlaklar64 uçanda, günüň batanda, Deňiz ýakasydy65 gezen ýerlerim. Güni tutjak bolup öz hyýalymda, Gün- şapaga dogry ýüzen ýerlerim. Ol deňiz hem guşlar bu gün ýat boldy, Geçmişimde galan bir surat66 boldy...

59

Anızları Yazık 61 Türkmensahra'da bulunan Bender Türkmen şehri 62 Güzel 63 Anılardan 64 Bir tür beyaz deniz kuşu 65 Kenarıydı 66 Tasvir 60

28

Adam, adam bolmasa Dünýä abat bolmaz, gülzara dönmez, Ýürekler ynjalmaz, ataşlar sönmez, Şat gülküler solak ýüzlere siňmez, Ýyglamak aýrylmaz, ýaşlarmyz doňmaz, Päk ýürek ynsana ýardam bolmasa, Jan ezizim adam, adam bolmasa!

Galam Ganaty Ýene ölüm göz dikende ruhuma, Ganatymy gyrkjak bolanda gaýdyp67, Garalanda umyt asmany gaýlap, Göz ýumup barýarkam eşhedü68 aýdyp, Ýüzüm solup, tenim doňup barýarka, Ýene ylham owazyny saýraýan69, Galam ganatyny kakyp, ot alyp, Kül içinden ýaňadandan döreýän70. 67

Kanadımı yeniden Kesmek isteyince Şehadet kelimesi 69 Söylüyorum 70 Yeniden türeyorum 68

29

Biwepa Sen meni harla! Sen meni horla! Ajy sözüň bilen oda çek! Göwnümi ýyk! Men saňa gaýtawul71 berip durmaryn, Gaharymy kitüwimi,72 Aňsat73 elden bermerin. Nalyşymy beýtlerime siňdirip, Goşgymyň daglarynda, Ahymy ýaňlandyryp, Nesillere ýadigarlik goýaryn, Maňa eden jepaňy, Goý nesiller lagnatlasyn, Sen kimin biwepany!

71

Karşılık Öfkemi 73 Kolay 72

30

Düýş Näme üçin meni oýattyňyz74? Täze salnan köşgi weýran ettiňiz. Men han bolup gezip ýördüm, Bag içinde aýlanyp, Dostluk gurup, gözel periler bile, Aýdym75 aýdyp, asman bilen ýer bile. Näme üçin meni oýattyňyz? Süýji76 hyýallarym pozduňyz? Garaňky dar kümami, Gözlerme görkezdiňiz. Men razy men ölüme, Eger ölüm bir süýji dýüşli77 uky bolsa, Düýşde dünýäni berseler elime, Ýalan bolsa-da razy men ölüme!

74

Uyandırdınız Şarkı 76 Tatlı 77 Rüyamsı 75

31

Goşgy Goşgy78 mydam79 seniň ýüzüňe bakmaz, Senem gül ýüzüne bakmaly borsuň80. Käte bir sereder soň gaçar gider, Sen baryp näzini çekmeli borsuň. Käte daşda durup, ol owaz eder, Owazyna gulak asmaly borsuň. Käte joşgun bile geler daňdanlar81, Şonda gujagyňa basmaly borsuň! Goşgy diýip janyňdan geçmeli borsuň! Goşgy diýip iliňden göçmeli borsuň!

78

Şiir Her zaman 80 Olursun 81 Tanlarda 79

32

Meň ýyldyzym Ýüregim darygyp dünýäň urşundan, Gijelikde seredýärin asmana. Gara ýeriň gaýgysyndan boşaýan, Iberýärin hyýaly giň asmana. Ýyldyzlar, gurapdyr şadyýan meýlis, Oýnaşyp, göz gyrpyp, gülüpdur ýere, Käsi kebelekdir, käsi gül ýaly, Käsi-de şem82 ýaly berip nur ýere. Hyýala sygmaýar, sana girmeýär, Asmanyň bagynyň sary gülleri. Diýýärler: asmanda her bir adamyň, Ömrüni görkezen ýyldyz bolmaly. Aý ýyldyzlar! Men bu talaňçy ýerden, Ýadadym, bu ýerden göçesim gelýär. Aýdaýsanaň83 meň ýyldyzym haýsydyr, Öz ýyldyzma dogry uçasym gelýar.

82 83

Mum Söyleyiniz

33

Gurjak oýnadan möjek84 Gözleýşiňi söýýardim, Sözleýşiňi söýýardim, Gözleriniň içinde, Müň bir many görýardim. Diýerdim, öz ýanymdan, Perişdäň85 taýydyr ol. Gara ýer oň jaýy86 däl, Asmanyň aýydyr ol. Ýöne arman arada, Uly perde barmyşyn. Aňyrsynda87 bir möjek, Gurjak88 oýnadýarmyşyn. Söýgim bir gurjakmyşyn, Aňyrsy möjekmişin. 84

Kurt Melegin 86 Yeri 87 Ötesinde 88 Oyuncak 85

34

o

Ezizim

Senden soňra bu dünýäni neýleýin, Ölümüňi görüp bilmen, ezizim. Senden öňem ölüp gitmek istemen, Seni ýalňyz goýup bilmen, ezezim. Sen gidäýseň, ölüp gider söýgi-de, Başga birin söýüp bilmen, ezizim. Bile ýaşap, bile ölüp gideli, Bir gujakda sen bilen men, ezizim.

35

Söygi hakda rubagylar Günler, aýlar, ýyllar durmany öter, Gaýgym köpelip dur, gün-günden beter. Bir gün seň derdiňden öler men şonda, Gabrymda hem, kalbym seň adyň tutar. ***

Taňrym! Aýralykdyr, ajy ölümden, Aýra düşdüm, bugün deste gülümden, Ýa, maňa hiç haçan gül berme Taňrym! Ya-da berseň ony alma elimden. *** Her ülkede seniň kibi aýy görüp bolmaýar, Ýurdumyz aýry welin, söýmän durup bolmaýar. Iki ýurt arasynda serhet89 gurup bolsa-da, Iki ýürek arasynda serhet gurup bolmaýar. 89

Sınır

36

İl bilen ölüp giderin Türkmen sährasynda solup giderin, Ilimiň mert ogly bolup giderin, Han bolup gezsem nä, ýat ülkelerde? Ölsemem il bilen ölüp giderin.

Ýazýaryn ýeňlemek üçin Men goşgy ýazamok, öwretmek üçin, Ýa uly şöhrada90, men ýetmek91 üçin. Dertlere çydaman92, ýüregim gysýar, Ýazýaryn özümi ýeňletmek üçin. Ballyma Çüýçük bary ballym, seňkidir seňki, Gurjak bary ballym, seňkidir, seňki, Ýöne ýüzüňdäki süýji gülkiňi, Hiç kime beräýme meňkidir meňki. 90

Üne Ulaşmak 92 Dayanmadan 91

37

Seni Gözleýän ( Merhum dostum "Kerim Salary"nyň bir sözünden ylham alyp ýazan bu goşgymy, ol eziz ynsanyň päk ruhuna bagyşlaýaryn) Gamy daş etmäge, seni gözleýän, Köňli hoş etmäge, seni gözleýän, Aýdylman sözlerden doly ýüregim, Köňli boşaltmaga, seni gözleýän. Gamdan sözleşmäge, seni gözleýän, Derdi paýlaşmaga, seni gözleýän, Bir özümden agyr başymdaky gam, Bile aglaşmaga, seni gözleýän. Dost bolmasa gamlar solmaýarmyşyn, Elbette gam soňa gelmeýärmişin, Ýöne hoşlygy-da paýlaşman günüň Hoşlugam bir hoşluk bolmaýarmyşyn.

38

Ýatyp galanmyzdan atyp galaýlyň Ballym, obammyzda ýaryş goýulsa, Diýmali: Ah başarmaryn ýortmany, Ýa-da "gizgen peçek" oýnajak bolsak, Diýmäli: Ah başarmaryn tutmany, Hiý bolman yzyndan ýortup galaýlyň, Ýatyp galanmyzdan atyp galaýlyň. Bir hasta birden-de halsyz ýykylsa, Göwresi-de uly bolsa bizlerden, Biz diýmäli: Elmizde güýjümiz ýok, Galdyrmana ol hastany o ýerden, Hiý bolman golundan tutup galaýlyň, Ýatyp galanmyzdan atyp galaýlyň. Ballyjanym, öz hakmyzy, paýmyzy, Korkup aňsatja elmizden bermäýliň, Güýçliň biri gelip, alsa kökämiz, Aňalyp gyzaryp bakyp durmýlyň, Hiý bolman gulagna kakyp galaýlyň, Ýatyp galanmyzdan atyp galaýlyň.

39

MÖÝ! Ey, möý, möý! Meň öýümde edipdirsiň, öý, öý, öý! 93 Ilki degjek däldim saňa, Diýipdim: Men ýaşaýan, ýaşa senem ürkmäni. Hawa ýaşa diýdim, ýöne dogrysy, Sen gelmänkäň meniň dynç başym bardy, Sen geleňsoň welin, bozduň kadany94. Üýşürdüň95 sen öýe çaga-çugaňy96, Daýy-daýza, mama, iniň97-agaňy. Agtyk- çowluk98, ähli tohum tijiňi99, Bes etmediň, kesmediň hiç ujuny.

93

Ev Kuralı 95 Toparladın 96 Çocuklarını 97 Küçük kardeşin 98 Torun- nebire 99 Sülaleni 94

40

Eý, möý, möý! Boldy bu gün siziň üçin, Toý, toý, toy100! Sallanyp geçip dursuňyz. Sallançak uçup dursuňyz. Erbet ýeri101, ýüwaş-ýuwaş, Meň daşyma-da geçip dursyňyz. Eý, möý, möý! Bolar indi, goý, goý, goý102! Indi çykarmasam öýümden seni, Ertir103 öz öýümden kowarsyň meni!

100

Bayram Kötü tarafı 102 Yeter 103 Yarın 101

41

Aglasym gelýär

Men bir beýik dagyň üstüne çykyp, Göwnüm bulutlara baglasym gelýar, Ýeriň gussasyny104 saýrasym gelýär, Gygyryp müňlerçe105 damja öwrülip, Özümi çöllere paýlasym gelýär, Bilmeýan näme üçin aglasym gelýar?!

104 105

Üzüntüsünü Binlerce

42

Milýarlaça dünýä bar! Bir dünýä bar diýýip size kim diýýär? Ýok beýle däl, milýarlarça dünýä bar. Bir dünýä bar her bir adam başyna, Her kim meşgul şol dünýäniň işine. Kädesiniň dünýäsi giň açykdyr, Kadesiniň dünýäsi dar, tutukdyr. Käsi doly mähir, süýji söz bilen, Käsi göwün ýykar, ajy söz bilen. Kädesinde toý tutulýar, bökülýär, Kädesinde gözleň ýaşy dökülýar. Garaz her kim öz isleşin ýöredýär, Belki her kim öz dünýäsin döredýär. Meniň dünýäm gussalarmyň dünýäsi, Şygylarmyň, kyssalarmyň dünýäsi.

43

Biz deňizdik Biz bir zaman deňizdik, Siller bilen bar dünýäni tutupdyk. Güneş bilen elleşip, Uçup göge ýetipdik.106 Ylham alyp asmanyň gürleýşinden, Gury çöllere inip, Ýaşaýyş sepelärdik, Gumlaryň arasyna, Daglar, baglar ol zaman. Ýaşyl baýdak107 götärdi.

106 107

Ulaşmıştık Bayrak

44

Bir gije tolkunlarymyz, Aýy ysgap108 ýatyrka, Suw ýüzünde aý-ýyldyzy gyrdylar, Derýany salyp tora, Tutup ýesir kyldylar, Otly gamçylar bilen, Bölek- bölek etdiler, Her bölegi bir ýurduň, Çöllügine satdylar, Biri Türkmen sährasynda, Porsap109 ýatan laý boldy. Biri Orta Aziýada, Gurap ýatan çaý boldy. Biri Ýefrada goşulyp güýmendi110 Öz aýdymyna.111 Egreldi serwi agaçlar, Uçup gitdi, daşlara garlawaçlar.112 Indi bu gün akarlar, Çaşyp ýatyr dünýäde, Ýöne meniň hyýalym, Öňki deňiz, derýada.

108

Koklıyarak Koklayıp 110 Eğlendi 111 Şarkısına 112 Kırlangıçlar 109

45

Dutar Perýat et dutarym, gygyr113 sen dutar! Gygyrsaň ýürekler tolkuna gelýär. "Ýandym" sazyn çalýaň, ýanan dutar sen! Ot alyp kaknusa114 dönen dutar sen! Taryh seni göwresinden dogurdy, Saklady, ekledi,115 iliňe berdi. Gözel jaýa116 meňzedip perdelerňi, Indi senem saklaýaň öz eneňi, Perdeleňde ganly söweşi görýäs, Perýady, ýeňlişi, ýeňişi görýäs. Sen sazyňy nalalardan döretdiň, Ganlar saçan balalardan döretdiň. Sazyňda "Gök Depäň" urşuny görýäs, Oklaryň, toplaryň ýagşyny görýäs, Gör, meýdan içre atlar kişňeýip dur, Aýaklarnyň sesleri eşdilip dur, Çygyrýar gylyçlar, atylýar oklar, Görsene gan içre müň jeset yklar, Görsene ol gara öý117 oda ýanýar, Içinde bir gundagly çaga118 ýanýar, Duşmanlar müň- müňden çozuş kylyp dur, Görsenäň Türkmenim ýalňyz galypdur... Bu ýangynlar oduň döretdi, dutar! Otlaryň közli saz ýaratdy, dutar! 113

Bağır Kaknus: atşte yanıp tekrar vücuda gelen efsanevi bir kuş 115 Besledin 116 Yere 117 Kara ev, Türkmen çadırı 118 Çocuk 114

46

Ilimiziň belgisi sen nyşany, Tarlaryňda akar Türkmeniň gany. Saňa duşamda gaýratym oýanýar, Ýürek kuwwat alýar, gyzýar, daýanýar. Dikelip dursyň elimde ýarag kibi, Sazlaryňy ataryn men ok kibi. Arma, ýadama sen gudratly dutar, Asyrlaň ýükleri seň arkaňda bar. Bir taryh däl ilimiň kimligini, Göterip gelýärsiň asyrlar boýy. Göterip ilimiň goşgy aýdymny, Öňe ädýäň aýgytly ädimiňi. Gijeler ýaňladyp läläň sazyny, Özüne getirýäň Türkmen gyzyny. Dutar! Sen galmasaň taryhym galmaz, Dutar! Sen bolmasaň kimligim bolmaz, Dutar! Sözlemeseň açylmaz dilim, Dutar, saýramasaň saýramaz ilim. Sen bilýärsiň ähli119 ýurtläň dilin, Äleme eşitdir dadyny iliň. Sözleriň sözümiz, derdiň derdimiz, Şatlygyň şatlygmyz, oduň odumyz, Ýüregmiň tarynda sazyňy görýän, Sazyň suratynda özümi görýän. Gygyrýarsyň ýürekleri daglaýaň, Sen Türkmeni öz aslyna baglaýaň. Sen ilimiň iň bir gözel dünýäsi, Sensiň ata- babalarmyň mirasy, Sen bile güýç alýar janlanýar bagşy,120 Sen bagşyň söýgisi, eziz ýoldaşy, Bagşyň gollaryndan ogşa sen dutar, Ýüz asyr, müň asyr, ýaşa sen dutar! 119 120

Tüm Ozan

47

Toýmuza geliň Biz, barymyz Adam-Howanyň ogly, Türkmen, Arap, Hindi, Ak, Gara dogan, Biz şu mazmuna ynanýarys welin, Nädersiň dogany aglatsa dogan!?121 Eý, adamlar, ýüregňizi giňeldin! Giňligine sygsyn ähli ynsanlar, Ýürek ýurdunyň serhedin açyň, Gezelenje gelsin, dostluk isläňler. 121

Kardeş

48

Çäkleri122 döweliň123 çäksiz bolalyň, Bütin dünýäň diwarlaryn sökeliň, Düwünleri çözüp, aç-açanlykda, Bütin dünýäň serhetlerin ýykalyň. Adam bary bir eneden dogandyr, Ýaşaýarlar bary bir öý124 içinde, Ýer şary öýmüzdir, gapylaryn açyň, Araçäk bolarmy bir öý içinde? Eý, adamlar! Ýüregňizi giňeldiň, Bir ýer, bir ynsan däl, jahan jaýlansyn, Başga ýyldyz, başga seýýaralar125-da Müň jahanlyk mähirmizden paýlansyn. Bir ses gyýgyralyň: eý jahanlylar126! Dostluk isleseňiz öýmüze geliň, Eý, başga dünýäleň ýaşaýjylary! Eger bar bolsaňyz toýmuza geliň.

122

Sınırları Kıralım 124 Ev 123

125

126

Gezegen, Türkmenistan Türkmençesinde "planeta" da kullanılır

Evrenin sakinleri

49

Yöriyiň dostlar! Göteriň ädimi, yöräň ýoldaşlar, Mäkäm127 aýak basyň, owransyn128 daşlar. Serediň asmana, dagyň başyna, Siz ýetmeli bulutlaryň duşuna. Mäkäm129 ýöräň, aýaklarňyz sürçmesin130 Dag beýikdir, kuwatyndan düşmesin, Ýöräňiz gorkyny galdyryp yzda, Oturduň umydyň nuruny gözde. Garlar goý köp bolsun, goý ýagyş ýagsyn, Goý, depeden uly harsaňlar131 agsyn, Siz mäkäm ýöriýiň, gaşyňyz çatmaň,

127

Sert Ezilsin 129 Kıvamlı 130 Kaymasın 131 Sahreler 128

50

Gaýrat ediň çydamsyz yza gitmäň, Goý, dag siziň ädimleňizden sarssyn, Daş gorkup üstüne garlary örtsün. Bu uzak ýol, dagyň başy asmanda, Asman ýaly ýürek bolsun ynsanda. Ençeler ýadarlar132 ýykylar ýere, Daş ýaly owranar, döküler ýere. Ençeler ökünip yza gaýdarlar, Bir-birinden görüp paýyş133 aýdarlar. Ýeňşe ýetmek, dagyň başyna çykmak, Dag başynda ýeňiş baýdagyn dikmek, Aňsat iş däl dünýäň ýüki gerşiňde,134 Müň hilli howuplar seniň garşyňda, Ýolňuzda ölüm bar, dagdan gaçmak bar, Kim gurt, gaplaňyň iýmiti135 bolýar, Ölüm saňa tarap gujagny açýar, 132

Yorulurlar Küfür 134 Omuzunda 135 Yemi 133

51

Gökde meýidiňi iýjekler uçýar. Dört tarapyň, doňak, gar, rehimsiz136 daş, Sowuklykdan doňýar damar, gan, göz ýaş. Dört tarapyň deňiz kimin ýatan gar, Gury agaçlar bir damja gyzgyna zar,137 Aýagyň ýitse-de garyň içinde, Perýadyň doňsa-da bagryň138 içinde, Ýel ýüzüňe gamçy139 urup gyzartsa, Gara bulut tuýkülik üsňe atsa, Gynanma titreme nala çekme sen, Ýöre, merdana bol, gaşyň çatma sen! Dertsiz ýetip bolmaz dagda gerişe, Kynçylyksyz140 ýetip bolmaz ýeňişe, Göteriň ädimi, ýöräňiz dostlar! Dag başynda ýeňiş mertleri islär.

136

Acımasız Mühtaç 138 Ciğerin 139 Kırbaç 140 Sorunsuz 137

52

Kyn görme141 menden Perhat kibi aşyk bolup, dagy gazyp bilmedim, Kyn görme menden. Görogly dek duşmanlary oka düzüp bilmedim, Kyn görme menden. Pyragy dek beýik goşgy, diwan ýazyp bilmedim, Kyn görme menden. Arzuw etdim, başarmadym, Sebäbi men menmişim, Şu wagta deň edenlerim elimden gelenmişin, Kyn görme menden. 141

Üzülme, Türkmenistan şivesinde: Gaty görme

53

Sen meniň derýa-deňizde ýüzmegimi islärdiň, Ah, men heniz bir arnadan142 ýüzüp çykyp, bilemok. Sen meniň merdana bolup dag sökmegmi islärdiň, Dag-a dursun, men-ä heniz nebsim ýykyp bilemok. Sen duşmana gylyç salyp söweşmegmi islärdiň, Men içdäki söweşimden heniz çykyp bilemok, Sen meni dag dek görýardiň, ah, men özümi bilýän, Men bir ejiz şol üçinem ýüzňe bakyp bilemok, Utanýaryn öz bolşumdan, Utanýaryn ondan senden, Ah, men şeýle bolupdyryn, Gardaşym kyn görme menden. Ýüregimde ne bir güýç bar, Ne-de razy halyna, Hiç razy däl beýle gitjek garaňky ykbalyna.143 Bir sesler bar ýüregimde, Ol sesler perýat bolarmy? Ýa köşeşip ýatarmykan, Unudylyp ýat bolarmy? Ýa-da ýatyp köz astynda, Janyma ot bolarmy? Ot bilen suw arasynda gallaç144 menem, Kyn görme menden, Derdimize derman tapman näläç menem, Kyn görme menden. 142

Irmaktan Kaderine 144 Çaresiz 143

54

Belki bir gün täze bir şemal öser, Köňlümi sypalar145 täze jan berer, Kalbyma güyç, arzuwlarma hereket, Damaryma täze akan gan berer, Şol gün menem güneş bilen dogaryn, Bu dünýäge täzeden serederin, Güneşden ysynar sowuk imanym, Gaýratymyň gyratyn ýörederin, Bu gezek sil bolup joşup ýörärin, Daglary, çölleri aşyp ýörärin, Galkan ýasaryn men gursagym, tenden, Men şoňa garaşýan, Kyn görme menden!

145

Türkçe: Okşar

55

Gömülip barýan Her söz guşy ülkämizden uçanda, Tanyşlyk, sözleşmegiň, Serhedinden geçende, Men bir garyş ýer astyna çekilýän, Ol gün bir algyr146 gelip, Üç sany çaga guşy, Dyrnaklaryna alyp, Uçup gitdi ülkämden, Ysgyndan147 düşüp dilim, Titiräp aýaklarym, Ýene girdim bir garyş, Gara ýeriň astyna. Ýene bir gün, on sözlemiň148 bilbili, Öz ülkämden maňa söýgi ýok diýip, Gyşa dogry öýkeläp gitdi uçup, Dil tutulyp, Diňe zordan ah çekip, Ýene girdim bir garyş ýer astyna.

146

Bir tür avcı kuş Hissiz, gücsüz 148 Cümle 147

56

Ýene bir gün, On sany gül, Akýürekli sözlügmiziň on sany kebelegne, Baha bermän sowdylar ýüzlerini, Kebelekler ýaş edip gözlerini, Ýokluk tupanyň içine garylyp, Arman çekip gitdiler , Ülkämizden aýrylyp. Men ýene-de çekildim, Gara gumuň astyna. Ýene-ýene çekildim, Gerşime deň gömüldim, Gömülip barýan ýene, Zordan gygyrýan ýene: Eý, bilbiller, gülälekler, kebelekler! Meň dadyma ýetişiň, Endam- janym gysylyp, Tükenip barşy demim, Eý, ülkämiň ýarawsyz149, lal dilleri, Geliň bir zikir çekiň, Belki kuwwata gelip, Ýerden daşary çykaýdym. Dostlar men ölüp barýan, Görüň gömülip barýan!

149

Güçsüz

57

Kapasadan150 çykan bürgüt (Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20-nji ýyllygyna bagyşlanyp ýazylan goşgy) Al asmanda uçýar bir goja bürgüt, Ol ýaňy çykypdyr döwüp151 demiri. Kapasada ömri köýen goja guş, İndi uçup alýar rahat demini. Arassa152 asmanda uçýar ol bürgüt, Ýokardan seredýar Türkmen çölüne. Kä geçmişe bakýar, käte geljege, Ah çekip seslenýär küýsän153 iline. Ah, meniň jan ilim, mähriban ilim, Haýsy eller meni senden aýyrdy? Seniň gülzaryňda biten gunçadym, Haýsy tupan154 gelip, ýele sowurdy? 150

Kafesten Kırıp 152 Temiz 153 Özlemiş 154 Fırtına 151

58

Gargalar näme üçin gondy gülzara? Haýsy namart atdy ol bürgütleri? Mes bolup oýnady tilki-şagallar, Kapasa salynanda çölüň gurtlary. Durnalar näme üçin ülkämden uçdy? Näme üçin ýat iliň suwuny içdi? Kimler depeledi namys gülüňi, Ah, watan! nämeler seriňden geçdi?! Halyň, keçäň, kürtäň, gyrmyzy donuň, Näme üçin bularyň bary gyrmyzy? Ýada taryh boýy duşman elinden, Gandan başga reňki görmediňizmi? Bir gün Gökdepäni weýran etdiler, Gan içre çaýkandy Türkmen galasy. Öldürdüler çaga155, zenan156 diýmäni, Biçäre Türkmeniň nirde penasy?! Bir gün duşman çozdy Eterek- Gürgene, Duydansyz157 ok urdy ençeme merde. Halkymyz gyryldy158, hiçbir arka ýok, Görogly-da ol gün ýatyrdy görde159. 155

Çocuk Kadın 157 Habersiz 158 Katledildi 159 Kabırda 156

59

Emma beýik millet asla ýok bolmaz, Hak hemradyr, ýörär hakly halk bilen. Janlary alsa-da duşman oklary, Ynançlary alyp bolmaz ok bilen. Türkmen unutmady gahrymanlaryn, Galam160 bilen öňe sürdi göreşi. Ýetmiş ýyl garaşdy şapaga garap161, Soňunda bir säher çykdy güneşi. *** Güneş bilen gelýär, ol goja bürgüt, Ak bulutlar bilen ýuýär162 ýüzüni. Gündiz nur içine garyşyp gidýär, Gije ýyldyzlaryň öpýär gözüni. Ýigrimi aýlanýar mawy asmanda, Uly ili alýar, ganat astyna. Batly163 uçup, dikýär ýaşyl baýdagy, Dünýäde iň belent dagyň üstüne. Uçýar bürgüt Jeyhun, Hazar ýurdunda, Silleri indiren gara dagy bar. Garaşsyz164 biz diýen, watany goran, Gahryman milleti, arkadagy bar. 160

Kalem Yetmiş yıl bekledi şafaka bakarak 162 Yıkayor 163 Hızlı 164 Bağımsız 161

60

Uçýar meniň arzuwlarym Uçýar meniň arzuwlarym, uçýar meniň arzuwlarym, Şäherlerden, dag- dereden, geçýär meniň arzuwlarym. Sähra barýar, ýaşyl sähra, oýnaşyp dur, dürli güller. Gülälekler, sary güller, şahyrlaryň ýary güller. Togalanyp165 çemenlerde, sährany bir guçsadym men, Oýnap sowuk çeşmesini, barysyny içsedim men. Gör, ýaşaýyş öwşün atýar, sähranyň bol hasylynda,166 Menem ýaşyl bolup ýitýän, maýsalaryň167 ýaşylynda.

Maýsa bolup giň sährada, başym yrap168 ýaşaýaryn, Şemal gelse sypalaýan, ellerinden ogşaýaryn. Käte şemal bilen bile, aýlanýaryn çölden çöle, Uçup gezýän guşlar kibi, salam aýdýan gülden güle. Bir gül ýygýan her çemenden, iň gowusyn saýlaýaryn, 165

Yuvarlanıp Hasatinda 167 Otların 168 Sallayıp 166

61

Oba gidip, ol gülleri, aşyklara paýlaýaryn. Çölden ile, ilden çöle, uçýar meniň arzuwlarym, Aşyklaryň göwünlerin, açýar meniň arzuwlarym.

Sebet- sebet gül getirýär, solup ýatan güýzler üçin, Sebet- sebet bagt getirýär, bagty ýiten gyzlar üçin. Dürli- dürli söz getirýär, dymyp169 ýatan öýler üçin, Pişme170 saçýar sebedinden, ilimdäki toýlar171 üçin. Alyň meniň sowgadymy, bary- ýogy siziňkidir, Köp däl beter bahasy oň, 172 bir gülkiňiz biziňkidir. Sebedine gülki salyp, uçýar meniň arzuwlarym, Her gülkiden bir täze gül, açýar meniň arzuwlarym.

Uçup baryp gojalaryň, ellerinde taýak bolýar, Söweş kılıp maýyp bolan, yigitlere aýak bolýar. Garry mamaň173 gözlerine, äýnek174 bolup gözläp berýär, Dilleri lal175 bolanlara, dil bitirip, sözläp berýär. 169

Susup Düğünler 171 Köp 172 Çok değil fiyatı onun 173 Yaşlı anne anne 174 Gözlük 170

62

Garry ejemiň176 köýnegini, iňňe bolup, ýamap berýär, Garry mamaň ak saçyny, darak bolup, darap berýär. Her görenne bir paý berip, geçýär meniň arzuwlarym, Garry ejeme täze köýnek,177 biçýär meniň arzuwlarym. Uçup baryp, daýhanlaryň,178 pil179 göteren eli bolýar, Garyplaryň jüblerinde,180 kösenende puly bolýar.181 Gijelerde dokmaçylaň, daraklarnyň sesi bolýar, Ýetimleriň öýlerinde, gazanyň hoş ysy182 bolýar.

Arzuwlarym dükan açýar, görülmedik täze dükan, Wiý..., nähili täze dükan, satýan zady oň nämekän? Oň içinde arzuwlarym, agramlaman183 mähir satýär, Gije- gündiz ölçemäni, sahawatdyr haýyr satýar. Gazanýar ol, gazanýar ol, gazanýar ol ne bihasap, Gazanýar ol, her bir günde, näçe sandyk doly sogap. 175

Eşitme engeli, sağır Yaşlı baba annemin 177 Gömlek 178 Çiftçilerin 179 Kazma 180 Yoksulların ceplerinde 181 Zor durumda parası olur 182 Kokusu 183 Tartmadan 176

63

Uçýar meniň arzuwlarym, uçýar meniň arzuwlarym, Her ýerräkden täze dükan, açýar meniň arzuwlarym.

Arzuwlarym ucup gidýär, aşyklaryň ülkesine, Nirede ol diwanalar, goý gireýin halkasyna. Bu dünýäniň galmagalyn, özgelere bagyşlaýyn, Pirim bile ýaryň adyn, ýüregimde nagyşlaýyn. Nur gözleýär arzuwlarym, ýüregimi ýylatjak184 nur, Nirede ol hakykat nur, arzuwlarym aýlanyp dur. Uçýar meniň arzuwlarym, uçýar meniň arzuwlarym, Derwişleriň halkasyny, guçýar meniň arzuwlarym.

Taryhyny bilmänlere, taryhyndan kitap berýär, Dininden bihabarlara, gurhan hatyn okap berýär. Öz däbini- dessuryny, ildeşlere öwredip ýör, Ynam ýolda, ösüş ýolda, bar halkyny ýöredip ýör. Ýol ýitiren ýoldaşlara, ýollaryny tapyp185 berýär, Dil ýitiren dildeşlere, dillerini tapyp berýär. 184 185

Isıtacak Bulup

64

Nadanlara, Magtymgulyň, sözlerini tapyp berýär, Özlerini ýitrenlere, özlerini tapyp berýär. Il ýitiren adamlara, illerini tapyp berýär. Sil ýitiren illermize, sillerini tapyp berýär. Bu illerden ol illere, uçýar meniň arzuwlarym. Dostlugyň ak nagmasyny, saçýar meniň arzuwlarym.

Arzuwlarym köpdür186 meniň, arzuwlarmy taşlamaryn, Men diri men arzuw bilen, arzuwsyz hiç ýaşamaryn. Bir ýurt bar ol ýurtda, islän zadyň tutup bolýar, Bir şäher bar ol şäherde, bar arzuwyňa ýetip bolýar. Ol şeherde gijelerde, görüp bolýar säher çagyn, Ol şäherde gyş içinde, görüp bolýar bahar bagyn. Ol bahar- ýaz ukybymyň, zehinimiň baharydyr, Ol şäherem goşgylarmyň, şygyrlarmyň şäherdir. Uçýar meniň arzuwlarym, uçýar meniň arzuwlarym, Şygyrlarmyň şäherine, göçýär meniň arzuwlarym.

186

Çoktur

65

Magtymgulyň mazarynyň başynda

Edebiýatyň giň aýdyň gijesinde, Iň nurana ýyldyz- ussady gördüm. Gök, bulut, aý, guwanyp dur adyna. Nurlarynda gyzgyn187 şöhraty gördüm.

Edebiýat bag bolsa, sen bir bagban,188 Güller seni görse oýnap näz edýär, 187 188

Sıcak Bahçeban

66

Bu bagyň "Isa"sy sen gyzgyn189 demiň, Gury agaçlara jan berip ýaz edýär.

Sähramyzda akyp duran çeşmesiň, Yrfana garylan, durydyr suwuň, Bir damja suw bolup ýoluňa çyksam, Birigip bir aksam beýik arzuwym.

Seni görmek beýik arzuwym bolup, Niýet etdim saňa tarap gitmäge, Ýola çykdym, deňiz meni çagyrdy: "Nirä barýaň? Kimden habar tutmaga?"

"Maksadym "Ak Tokaý"190, sowgadym goşgy, Ýoldaşym gaý günlere galan ýürek, Ýazyň ýüzün görmäni gül açylmaz,

189

Sıcak Magtumkulu'nun mezarının bulunduğu köy, Türkmensahraİran’da. 190

67

Pyragy ýazymdyr, didary gerek." Deňiz joşa geldi: "Eý, juwan 191oglan! Käşgä, seniň ýeriňe, ugrasadym, Käşgä, ýerimden süýşmegi192 başaryp Dag-daşlary süýşürip ýöresedim.

Meniň-de arzuwym onuň didary, Gomlarymda193 Pyragynyň ady bar. Uçmak islär gomlarym ganat kakyp, Didar üçin höwesli perýady bar.

Men ejiz gitmäge, ýola düşmäge, Mazaryna ýetir deňiz salamyn, Diýgin: deňiz aram194 durmaz hiç haçan, Çünki joşa salýar seniň kelamyň."

Joşgunly deňiziň gyzgyn salamyn, 191

Genç Hareket etmeyi 193 Dalgalarymda 194 Sakin 192

68

Daňdym195 hyýlaymyň bukçajygynda. Ugradym, ýöredim sagatlar boýy, Uzak ýollar, depe-çöller öňümde.

Etrege duşdym196 gaýşaryp ýöräp, Mestana şahyr dek joşup duranmyş. Aýlanyp, towlanyp197 serhoş ýöreýip, Aýaklary her ýan çaşyp duranmyş.

Gyýgyrdym: "Eý, Etrek198! ýagdaýyň niçik?199 Içäýmediň bütin älem meýini, Bäri bakyp ýylgyrdy200 durdy Etrek, Gözlerinde gördüm dünýäň toýuny201"

Diýdi: "Eý, mysapyr202! Men bir kebelek,

195

Sardım Rast geldim 197 Dönüp kıvrılıp 198 Etrek ırmağı 199 Durumun nasıl? 200 Gülümsedi 201 Bayramını 196

69

Ýanymdaky ýatan bossana gülýän. Şahyr ýatyr meýler içip ýanymda, Men meýiň ysyndan203 mestana gülýän."

Diýdim: Gül sen! Hemişelik gülüp gez! Belkem seniň gülkiň ýaýrasyn204 dünýä, Belkem seniň ýaly saýrasyn dünýä, Joş alyp, towlanyp oýnasyn dünýä.

Mazara ýakynlap baran mahalym,205 Gözlerim berk duran depäni gördi. Mähirli şemaly206 gujagna basan, Gursagy ýalaňaç207 sährany gördi.

Depe diýdi: "Ölüm bolmaz bu ýerde, Bu mekan sarsmazlaryň saraýydyr. 202

Yolcu Kokusundan 204 Yayılsın 205 Mezara yaklaştığım zaman 206 Esintiyi 207 Çıplak 203

70

Sähra diýdi: Görüň yşkyň ysy bar, Haýran ýatan aşyklaryň jaýydyr.208"

Depeler seredýär beýik ussada, Guwanyp ýatyr ol giň beýeban-da,209 Bulutlar jem bolup, gelip her ýandan, Nazar salyp durlar, açyk asmanda.

Gün ýol açyp bulutlaň arasyndan, Goý, menem göreýin diýip göz dikýär, Çeşmesinden bedre-bedre210 nur alyp, Iň gözel nurlary üstüne dökýar.

Magtymguly! Gül mazaryň daşynda, Gördüm ak ýürekli ýeri, asmany, Barlygyňa guwanyp dur tebigat, Ýöne arman, görmedim bir ynsany.

208

Yeridir Bozkır 210 Kova 209

71

Ol gün diňe şemal seni öpýärdi, Adyň tutup saýran diňe Etrekdi, Aýlanýardy211 kebelekler daşyňda, Adamlaram oň ýanynda gerekdi.

Sen tükenmez hazyna goýduň bize, Iliň üçin pida212 kyldyň ömrüňi, Göz ýaşyňdan diwan düzdüň iliňe, Hany iliň, görsedim men birini.

Şol mahal gulagma hoş owaz geldi: "Magtymguly iliň ýürek tarydyr, Şahyryň ýatan ýeri bir bu ýer däl, Her päk ýürek ussadyň mazarydyr."

Seredemde görsem depämde guşlar, Töwerekde213 depe-sähra gygyrýar, 211 212

Dönüyordu Feda

72

Uzaktan Etregiň sesi eşdilýar, Bir bular däl, külli dünýä gygyrýar.

Dyza çökdüm: "Salam, eý, beýik ussat, Ýüregim tukatdyr214, gamly şägirdiň,215 Bir damja ber meýiňden, goý içeyin, Mes bolup taşlaýyn panynyň derdin."

Deňizden söz etdim, köp oýa batdym, Müň216 hili hyýallar girdi başyma, Müň hili arzuwlar, müň hili duýgy, Ganat kakyp aýlandylar daşyma.

Sowgadym- goşgyny217 saňa hödürläp, Dertdeş bolup ençe sagat durdum men, Gaýtjak wagtym sada sowgadym ýerne,

213

Çevrede Hüzünlüdür 215 Çırağın 216 Bin 217 Şiiri 214

73

Müň bukça duýgyny sowgat218 berdiň sen.

Rugsat alyp seň bilen hoşlaşmaly, Senden daş düşmeli, gözmi ýaş aldy, Agyr ýürek bilen ýollar ýöredim, Şäherimize ýetdim, ara daş boldy.

Daş düşsek-de emma seni unudamok, Pendiň alyp, ýalkymyňda ýaşaýan, Ýok, daş dälsiň, senden ýakyn ynsan ýok, Ýüregmiziň tolkununda ýaşaýaň!

Türkmensähra- 1990

218

Hediye

74

Ýazman durup boljakdaäl "Ne gördüm men goşgudan219, gaýgydan datdan aýry, Ne berdi ol kalbyma, perýatdan otdan aýry. Şu günden beýläk asyl, goşgyň ýüzün görmerin, Salamynam almaryn, ýanyna-da barmaryn. Oturmaryn gijeler, goşgy bilen gürleşip, Ýaş dökmerin derdine, arman çekip zarlaşyp. Bir neçe deň- duşlarym, hoş aýlanyp gezerler, Duygusyzlyk220 derýada, oýnaşarlar ýüzerler. Pikir tussagynda men, gezsem hyýalda gezýan, Ölçek, gapyýalarda, simbol, mysalda gezýän. Indi pikir gerekdäl, indi goşgy gerekdäl, Yşky öldürdi meni, goşgyň yşky gerekdäl." Diýip çykýaryn öýden, depterimi goýakan, Gelip çykýar öňümden, aladaly hyýaban221. Çörekçiniň öňünde, ýygnanaşypdur jemagat, Gyrgyrşýar hemmeler, bir wakadan222 alamt. Arada iki çaga223, bir- birege dopulşýar224, 219 220 221 222

Şiirden Suskunluk Türkçe: Cadde, (Türkmençe: Köçe) Olaydan

75

Titiräp endamlary, laýa suwa bulaşýar. Ahyrky galan çörek, olaň ellerindedir, Çörek meňki diýen söz, jansyz dillerindedir. Ýagýar ýagyş şarlaýyp, bulut ýaşyny dökýär, Ýokarda gök gürleýip, ýürek bagrymy sökýär. Adamlar iki çagaň, basym225 arasyn açýar, Ýüzleri gym- gyzylmdy, gözleri nala saçýar. Ikisi-de gorkuda, ikisi-de utançda, Çörek laýa düşüpdir, ikisi de ökünçede. Ol ýerden bir kempir226em, gaýdýar boş sebet bilen, Adamlaňam ýarysy, çöreksiz galan eken. Adamlar hüňürdeýär, bu agşam näme iýsek? Çagalar çykjak öňden, olara näme diýsek? Azaplay ol ýagdaýdan227, ýürek joşguna gelýar, Göýä gyş günde arna228, birden daşgyna gelýär. Gysýar bagrym gan bolup, perýat edesi gelýär, Ýüregmiň eteginden, goşgymyň sesi gelýär. Gelýär goşgym möwç alyp, böwet229 gurup boljakdäl, Göz garşynda dert görüp, ýazman durup boljakdäl! 1984- njy ýyl 223

Çocuk Saldırıyorlar 225 Hemen 226 Yaşlı bayan 227 Durumdan 228 Irmak 229 Engel 224

76

Namys gülün soldurma! Seniň päk gujagyňda, päklik230 önüp ösýändir, Aklyk, mähir, tämizlik, Kalbyňda öwüsýändir. Gözelligiň ruhy sen, ülkämiziň bägüli, Seň durkuňdan alandyr, päk güller tämziligi. Päkligňi ýaýaradýarsyň, ülkämiň ähli ýerne, Daglarna çeşmelerne, düzlerne derelerne. Pamyklar ak bolsa-da, kalbyň pamykdan-da ak, Läle kaksaň göz ýaşyň, dury çeşmeden-de päk. Seň päkligňe guwanýas, Türkmensähraň perisi, Namysyň hormatyňdan, gelýär baharyň ysy. Sen tejribeli ussat, öýüň231 uly mekdepdir, Çagalaryň şägirtleň, sapagyň terbiýetdir232. Sen gaýrat dersin berseň, ogullaň daga meňzär, Päklik dersini berseň, çeşmeli baga meňzär. Namysyňdan aryňdan, çöller gülüstan bolar, Päk güllermiz bol bolar, sähra päk bossan bolar. Bossany berk233 goragyn, namys guşuň uçmasyn, 230

Temizlik Evin 232 Çocukların öğrencilerindir, dersin terbiyedir 233 Sıkı 231

77

Awçy şikär etmesin, senden ara açmasyn. Türkmensähraň durnasy, giň seret aç gözleriň! Gör aýlanşyn234 daşyňda, awçy açgözleriň. Sähraň päk perisi sen, kalbyňda namys doly, Awçy ok tutupdur, seniň kalbyňa sary235. Kalbyň urup awçy, namysyň gana çekjek, Haýaňy hormatyňy, alyp dumana çekjek. Seň namysyň owransa236, iliň namysy dargar, Elwan gülleri solar, gaýrat daglary erär. Sen pisleň berk duşmany, namysyň ýolbaşçymyz, Pisler göz dikýär saňa, boýun eňmegin hergiz237. Satma namys gülüňi, satsaň iliň satdygyň, Beýikligi, hormaty, çuňur238 guýa atdygyň. Şeriň toruny gurap, awçy ýatyr gabatda239, Habardar! Tora düşme! Bile- bile aýak atma! Aýagyňy saklagyn, duşman bize güldürme! Adymyzy garaltma, hormatmyzy öldürme! Türkmensähraň gülleri, päk niýetli zenanlar, Namysa göz dikse-de, pis niýetli şeýtanlar, Mäkäm duruň dag tekin, Göroglular ulaldyp, Bilimleri ösdürip, Pyragylar240 köpeldip. Siz ýagşy at alsaňyz, biz şadyýan baş ýokar, Beýik hormatly halkyň, saýrap güneşe bakar. 1985- njy ýyl 234

Dolaştığını Doğru 236 Ezilse 237 Asla 238 Derin 239 Avcı saklanarak yatıyor 240 Büyük Türkmen Klasik Şairir: Mahtumkulu Fıragı 235

78

Köýen Ömür El uzadyp otyrdy, giň meýdanyň ugrunda, Hor elleri titreýär, ot tutaşýar bagrynda. Geçýänler bir göz dikip, geçýär köp gynanç bilen, Käsi ýürek awydyp, kädesi ýigrenç bilen. Boyny aşak ýigidiň, eli welin garşynda, Ýyrtyk eginbaşlary, köne telpek başynda. Nämedigi bellidi, onuň bolup durşundan, Otly güni görünýär, edip çilim sorşundan. Diýseň juwan ýigitdi, ýaşy ýigrim ýedi bar, Elleri gury- gansyz, göýä guran çeşmezar. Gözi humar nursuzdy, bir sönen çyrag ýaly, Bili oň bükülipdi, bir ýykylan dag ýaly. Dogrudanam bir zaman, bir dag ýaly juwandy, Akyp duran çeşmedi, saýrardy, şadyýandy. Ýaşyl ýaprakly bag dek, saýa bererdi öýne, Öýüne bagt saçardy, ertir mi, gije öýle. Bir öýde üç gül ýaly: özi, ýary, çagasy, Çaganyň gülküsinden, gelerdi guşlaň sesi. Gaýgy hazany ýokdy, ýaz dek öwüsýärdiler Baharyň ak gülüni, näz bile ysgardylar.

79

Ýigidiň öýi bardy, ýigidiň ili bardy, Ýigidiň köp joşguny, ýigidiň sili bardy. Täze durmuşun gurap, giripdi täze dünýä, Parahatlyk kebderi, täze öýüne gonýa. Ektar- ektar ýeri bar, edarada işi bar, Maşyny bar, tamy bar, näme islese taýýar. Keýpi kök gaýgysy ýok, gülýärdi jak- jaklaýyp, Ol şäherden bu şähre, gezip ýördi yklaýyp. Ady dillere düşýär, ol guwanýar adyna, Gamy kowup göýberýär, şony gören badyna. Oglan uşagy-da hoş, ogly towşan dek böker, Ýary towlanyp ýöräp, çeşme dek dagda akar. Dünýäň şatlygyn alyp, gursagynda jaýlady, Bir özüne almady, dostlarna-da paýlady. Daşyna üýşürerdi, dostlaryny söýerdi, Saçakda bir duzy däl, ýüregni-de goýardy. Oturşyklar ýuwaşdan, ýetdi galat güýmenje, Geliň akja içeliň, begenç goşup begenje. Içdiler oýnaşdylar, urdy dünýäň agzyna, Belki dünýä urupdy, meýden ganan agzyna. Dostlaryny saýgarmady, ynandy her söýene, Goýun derisin geýip, gurut çozýar goýuna. Ondan mundan söz aýdyp, baý çykyşýar sözleri, Stakanlar çakyşýar, mölerip dur gözleri. Ýöne dostlaň biriniň, bar ýaly bir kinesi, Bahyllygyň odundan, ýanyp durdy synasy. Baýlygyna göz dikip, onuň daşyna geçdi, Öň çilim çekýän bolsa, tirýegiň ýolun açdy. Çekdiler, köklediler, beh beh bakyň lezzete! Her çekende göwnüne, girip çykdy jennete. Şeýdip ol hartejjalyň, düşüp gitdi yzyna, Pikr etmedi bu ýoluň, ahyryna yzyna.

80

Oturşdy dostlar bilen, içdi- içdi mes boldy, Tirýekden el çekmedi, haly gün-gün pes boldy. Bir aý- ýyldyzly gije, meýlis guran hoş wagty, Dosty ömrüni ýakdy, birden garaldy bagty. Bu gezek tirýege däl, elin gerde241de urupdy, Dünýäde barça dertden, agyr derde urupdy. Ýigit birden düşüpdir, neşäniň tamdyryna, Endam- jany ýanypdyr, gury odun ýerine. Bir özüni ýakmandyr, ýakypdyr öý- ilini, Garry ene- atasnyň, büküdipdir bilini. Çagasy gülki ýerne, dünýäň ýaşyn saçypdyr, Öýün duman basypdyr, şam çyragy öçüpdir. Ýary ganlar aglaýyp, ýalbarypdyr ençeler, Dünýäm, el çek bu otdan, weýranlyk öýňe geler. Aýagyňdan öpeýin, gözleriňe gurban men, Näme üçin ol şeýtandan, aldyň gara perman sen. Şatlyk guşy öýmüzden, ýarym kowup göýberme, Arzuw hyýallarmyzy, soňsuz ýola iberme. Gülkileri gurutma, rahim et242 göwün hoşmyza! Süýji243 döwri ajaltma, rehim et bu ýaş başmyza! Ene- atasy gorkuly, onuň ýanyna baryp, Beripdir köp nesihat, ak, garadan saýgaryp: Bir ömür zähmet çekdik, ekledik gorap seni, Seň ýanyňa çagyrdyk, ýalkymly aýy güni. Çagadyň ýigit etdik, öýerdik şatlyk bilen, Sen üçin saç agartdyk, bize çyn saňa ýalan! Miýwämiz indi bişip, biz netijä ýetipdik, Balamayza guwanyp, günde müň toý tutupdyk. 241

Geroin parçası Acı! (Türkmençe: Rehmiň İnsin) 243 Tatlı 242

81

Sen taoýmuzy ýas kylma, jigerden gan dökdürme, Toý ýerne ýüregmizde, gara saýman dikdirme! Han oglukyz, saçmyzyň, agy üçin rehm eýle, Ýadaw, garran bilmiziň, bagy üçin rehm eýle. Çagaň ýüzi solupdyr, aglapdyr atasyna, Ýöne ýigit aň etmän244, hiç biriniň sesine. Bilbiller-de aglapdyr, güller-de ýalbarypdyr, Agylar ýerden galyp, aýyň deňine barypdyr. Aý-da gün-de aglapdyr, gurapdyr bar çeşmeler, Güýçli tupan ösüpdir, sowrulypdyr hoşalar. Guşlar-da çygyrşypdyr, hem kişňeýipdir atlar, Dünýäni tiredipdir, göge çykan perýatlar. Emma ýigit perýatlaň, eşitmändir hiç birin, Neşekeşlik göýbermän, tutup alan esirin. Gara ýürek ak döwi, ýykypdyr abat öýün, Hiç kim tutup bilmändir, gazaply döwüň öňün. Arman arman heý arman, dünýäniň gözi haýran, Ýere degdi kül boldy, döwür sürüp ýön juwan. Zat goýmady elinde, satdy alan maşynyn, Satdy eken ýerlerin, taşlap göýberdi işin, Baryn ýele sowurdy, weýran etdi öýlerin, Ownuk- uly diýmäni, satdy esbap- şaýlaryn, Ýigit nätdi olary? Barysyny düýt245 etdi, Her satanda aýaly, nala çekdi, dat etdi. Emma ýene-de satdy, satdy hemmejesini, Ejesiniň öýüne, düşän ak keçesini. Baryny tüsse etdi, öýünde zat goýmady Öňki maldan- mülükden, hiç bir yz, at goýmady. Gazaplanda atasy, aň etmedi gaharna, 244 245

İtina etmemiş Duman (Türkmençe: Tüsse)

82

Ýalabaranda aýaly, gazaplandy ýerine. Satdy ýene-de satdy, tabak, süýşe jäjegin246, Çagasynyň oýnaýan, elindäki gurjagyn. Rehim etmedi aslaha, çagasynyň ýaşyna, Aýaly garşy dursa, ýumruk urdy başyna. Hiç ynsanyň sözüne, gulak bermedi juwan, Diňe şer dostlaryndan, alýardy gara perman. Dostam däl, duşmanlardan, dost görünen duşmanlar, Zäherli hanjarlaryn, arkamyzdan urýanlar. Ýigit tüssä garyldy, ýüzi meňzedi düýde, Nurly goňur gözleri, gyzardy ýanyp oda. Elinde bary bolsa, oklady ot içine, Ýigit ýene-de satdy, ýene-de ýene, ýene... Bu gezek bir goşy247 däl, satdy öýüň baryny248, Öýsüz sezgerdan etdi, oglanjygny, ýaryny. Satdy sylag- gadryny, satdy ynsan adyny, Şol gije ejiz gelniň, kim eşitdi dadyny? Ol gara gyş gijesi, eşitmedi hiç ynsan, Diňe249 biri eşitdi, olam giň beýik ynsan. Asman ýüregne sygman, gygyryp nagra çekdi, Damja- damja ýaşlaryn, böňňürip ýere dökdi. Sowuk, aýaz gijedi, geldi öýe aluwjy, Öýlerni almak üçin, gymat- baha belledi. Gelin ýüregne sygman, tutdy çaganyň elin, Aglap çykdy öýünden, dynman guýýardy ýagyn. Ýary ýola gelmedi, aýy- güni ýaşdymy? Ýüzi suwa batypdy, ýagyşdymy, ýaşdymy? 246 247 248 249

Cam, çini Eşya Evin tamamını Sadece

83

Gelin galdyrdy yzda, barça hoş arzuwlary, Çeken ahy gaýnatdy, ýagýan ýagyş, suwlary. Barça hatyralary, goýup barýardy gelin, Özge pena tapmany250, gysýardy çagaň elin. Gelniň ýürek odundan, döräpdi ýyldyrymlar, Çagaň ýüregindendi, gökdäki güpürdiler. Ikileri elleşip, gidip gözden ýitdiler, Soňralar ol ýigitden, ne bir habar tutdular, Ne-de ýigit olardan, habar aldy hiç zaman, Dünýeden habary ýok, özün bilmeýär juwan. Elde baryn sowurdy, elden berdi dünýesin, Diňe bir zat bilerdi, geroiniň tüssesin. Belli bir ýeri ýokdy, sergezdandy it ýaly, Ol köçeden251 bu köçä, çaşgynlydy hyýaly. Öýünden alan puly, bir näçe aýdan dargady, Ýigit pulsuz, jübsi252 boş, atasy öýne ugrady. Atanyň içi otdy, galmandy abyraý, at, Her ýerden aýdardylar, ogluň neşekeş mutat253. Ataň gany gyzypdy, ýol bermedi ogluna, Sen oglum däl bir itsiň, bar gidiber ugruňa. Ulyň gepine gitmän, terse bakdyň uladyň, Çeşmäni görkezsek-de, çöle urduň guradyň. Solup guran agajy, niçik gögerdeli biz, Nesihaty almasaň, indi näme edeli biz. Bar git ysnat getirme, besdir ömrüm ýakanyň, Pul diýýip gelme gapa, besdir bir öý ýykanyň. Enäniň ýuka kalby, ogluna para-para, 250

Bulmadan Caddeden 252 Cebi 253 Uyuşturucu bağımlısı 251

84

Ýene gujagny açdy, mätäçmişin didara. Ýöne ata käýinip, kesdi onuň ýoluny, Münüp gahar atyna, kowdy öýden ogluny. Ýigit gitdi baş aşak, gitdi, gitdi awara, Oturdy-da ýaş dökdi, men bir haýwan biçäre. Gury süňke254 öwrülip, teninde galmapdy gan, Ýigit başyna urdy, aglady pygan- pygan. "Hany ol öýüň iliň, hany ol şadyýan gün, Hany ol gezelençler, indi nirde görersiň?!" Arman arman hey arman, dünýäniň gözi haýran, Ýere degdi kül boldy, döwrany süren juwan. *** Çygyrýar, nagra çekýär, ýüzi batypdyr dere, Başyn diwara urýar, süýrenýär gara ýere. Ýüregi bulanypdur, başy hem aýlanypdur, El- aýagy titreýär, ot içinde ýanypdur. Bu gün gerdi ýok onuň, ýok puly gerd almaga, "Men bir ejiz biçäre, sen kömek ber eý aga!" Ahyr şeýdip başlady, oda-derde jydaman255, Özden kiçä el serdi, dünýäni süren juwan. Ýalbardy hem gyzardy, ýalbarmak kyn bu ýerde, Hemmeler tanyşdylar, bolsady daş şäherde. Şondan gidip daş ýere, gedaýlyga başlady, Şeýdip täze bir gedaý, meýdany naňyşlady. Bir tümen256 iki tümen, elne düşýär bir birden, Käsin ellerden alýar, käsin çöpleýär ýerden. 254 255 256

Kemiğe Dayanmadan İran para birimi

85

El uzadyp otyrdy, giň meýdanyň ugrunda, Her geçene ýalbarýar, ot tutaşýar bagrynda. Gyzgynda257 hem oturýar, ýagyşda hem oturýar, Tupan, duma üstüne, çozuşsa hem oturýar. Gün- günden gurap solup, horlanýardy endamy, Gymyldaman dymdyrys, jansyz bir meýýit ýaly. Käde bu ýagdaýyndan, edýar çykmak arzuwyn, Bu jadyly tilsimi, döwüp ýykmak arzuwyn. Ýöne hümmet bolmasa, arzuw bilen bolmaýar, Hümmetsizdi, ejizdi, ýaşamakdan-da bizar. Dert endamyn tutupdyr, endamy doly zäher, Çekmese-de bolmaýar, çekse-de haly gahar. Ol, gün- günden garalyp, kiçelýär öňkisinden, Otyr ýagyş ýagsa-da, gar guýsa-da üstünden. Dünýäni gara görýär, gary hem gara görýär, Her bir alýan demini, kalbyna ýara görýär. Geçýärdiler adamlar, meýdandan topar- topar, Bu gara bagt adamdan, hiç kim almaýar habar. *** Sowuk, aýaz bir günde, gyş jynlanan çagynda258, Buz doňaklyk goşuny, ýeri alan çagynda, Ýer aglamana durdy, meýdany gar gömüpdi, Gar arasynda ýatyp, ýigit gözün ýumupdy. Imit259 gözlän gargalar, eýläk- beýläk bökýärdi, Gargalaň biri gelip, oň gözüne bakýardy... 1985- njy ýyl 257

Sıcakta Zamanında 259 Yem 258

86

Diz Çökemedim (Türkçe) Nefret karşısında diz çökemedim, Nefret ülkesinden kovdular beni, Aşk karşısında da diz çökemedim, Aşk ülkesinden de kovdular beni, Çünkü hayat diz çökmeyi, Öğretmemişti bana. Ýıldızlara baka baka, Gezdim, büýüdüm. Türkiýe- 2013

87

Bir Allah Için (Bu Türkçe şiir Irak'taki son olayların etkisinde yazılmıştır)

Şiiler bomba patlatıp, öldürüyordu Sünnileri, bir Allah için. Sünniler kafalar kesip, öldürüyordu Şiileri, bir Allah için. onlar sivilleri bile, öldürüyordu, yakıyordu, Allah ise yukarıdan, hayret ile bakıyordu!

Türkiýe- 2014

88

TmShygyrlar kitap .Dieji.pdf

Социальный налоговый вычет предоставляется за весь период обучения в.. по налогу на доходы. физических лиц (форма 3-НДФЛ)за 2007, 2008 и 2009. Возврат подоходного налога(НДФЛ)за обучение: документы. Размер. вычета. При этом получить вычет можно только за последние 3 года. Например. По ...

349KB Sizes 0 Downloads 154 Views

Recommend Documents

Yandex disk pdf kitap indir
Page 1 of 1. Yandex disk pdf kitap indir. Yandex disk pdf kitap indir. Open. Extract. Open with. Sign In. Main menu. Displaying Yandex disk pdf kitap indir.